Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2746 adama ýetdi

Wirus ýokaşanlaryň sany78 müň 497 adama ýetdi.

1367149
Hytaýda koronawirus  sebäpli ýogalanlaryň sany 2746 adama ýetdi

 

Hytaýda täze koronawirus (Kowid-19) pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2746 adama ýetdi.

Milli Saglygy goraýyş Komissiýasyndan berlen ýazmaça beýanata görä, soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli 29 adam ýogaldy, ýene-de 433 adamda wirusa gabat gelindi.

Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2746, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 78 müň 497 adama ýetdi.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýüze çykan Kowid-19 pandemiýasynyň gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “Adatdan daşary ýagdaý” yglan edipdi.

 


Etiketkalar: #wirus , #koronawirus , #Hytaý

Degişli Habarlar