Eýranyň Prezidenti koronawirus bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy bilen baglanşykly gorkynyň ýaýramagyny dildüwşük hökmünde häsýetlendirdi

Eýranyň Prezidenti koronawirus bilen bagly beýanat berdi

Hasan Ruhani, ýurdyň paýtagty Tährandaky Milli Koronawirus öňüni alyş merkeziniň maslahatyndan soň eden çykyşynda, wirusa garşy görülen çäreler bilen bagly beýanat berdi.

Ilkinji günlerde hassahanalara ýüz tutanlaryň sanynyň köp bolandygyny, emma soňky günlerde olaryň sanynyň azalandygyny we bejergi edilen adamlaryň sanynda artyşyň bardygyny aýdan Ruhani: “Ähli guramadyr edaralar ünsli bolmaly. Adamlaryň arasynda gorkynyň ýaýradylmagy we ýurdy dynç alyşa çykarmak, duşmanyň bir meýilnamasy we dildüwşügidir. Ählimiz öz işimize üns bermelidiris” diýip belledi.  

Hasan Ruhani şenbe gününden başlap ähli zadyň kadalaşmaga başlajakdygyny habar berdi.

Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi, Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň 15-e, wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň bolsa 95-e ýetendigini aýan edipdi.

Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalan adamlaryň sany 19-a, wirus ýolugan adamlaryň sany bolsa 139-a ýetdi. 



Degişli Habarlar