Ruhani koronawirusy "garaşylmadyk myhmana" meňzetdi

"Koronawirus garaşylmadyk myhman ýaly geldi we dünýäniň çar tarapyna ýaýrady”

1366080
Ruhani koronawirusy "garaşylmadyk myhmana" meňzetdi

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdunda birnäçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan täze görnüş koronawirus “Kowid-19-y “garaşylmadyk myhmana” meňzetdi.

Ruhani paýtagt Tähranda täze awtoulag ýolunyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda koronawirus hakynda durup geçdi.

Halkyň dowla düşmezligini we Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezmelerine laýyklykda hereket etmegini islän Ruhani “Koronawirus gripp B wirusy ýaly howply däl. Biz onuň hötdesinden geldik, koronawirusyň hem hötdesinden geleris. Koronawirus garaşylmadyk myhman ýaly geldi we dünýäniň çar tarapyna ýaýrady” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar