Omanyň Eýrandan gelen iki raýatynda koronawirusa gabat gelindi

Oman, Eýrandan gaýdyp gelen 2 raýatynda täze görnüş koronawirusyň bardygynyň anyklanandygyny habar berdi

1365642
Omanyň Eýrandan gelen iki raýatynda koronawirusa gabat gelindi

Omanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Eýrandan gaýdyp gelen 2 raýatynda, täze görnüş koronawirusyň (Kovid-19)  bardygynyň anyklanandygyny habar berdi.

Omanyň Döwlet telewideniýesinde berilen ýurdyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýanatynda, wirusyň bardygy anyklanan 2 adamyň karantine alynandygy we ýagdaýlarynyň kadalydygy mälim edildi. 

Beýanatda, munyň Omandaky ilkinji koronawirus wakalarydygy aýan edildi.

Habarda, mundan başgada Raýat awiasia dolanşygynyň Eýran bilen Omanyň arasyndaky ählu uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn bes edilendigi habar berildi.

Eýranda täze görnüş koronawirusyň (Kovid-19) epidemiýasy bilen kesellän adamlaryň sanynyň 12-ä, ýokan adamlaryň sanynyň bolsa 47-ä ýetendigi aýan edilipdi.

Pars Aýlagy ýurtlaryndan Kuweýtde we BAE-de hem koronawirusa gabat gelinendigi mälim edilipdi.

 



Degişli Habarlar