Eýranda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany artýar

Eýranda täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýene-de 4 adam ýogaldy, şeýlelik bilen jemi ýogalan adamlaryň sany 16-a ýetdi

1365961
Eýranda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany artýar

Aftabnews habar saýtynyň berýän habaryna görä, Eýranyň merkezinde ýerleşýän Merkezi welaýatynda 2 adam Kowid-19 sebäpli ýogaldy.

Merkezi welaýatynyň Lukmançylyk fakultetiniň dekany Abbas Nikruş, welaýatyň merkezi şäheri Sawede ýogalan 2 adamyň 82 we 87 ýaşlarynda ýürek we böwrek ýetmezçilikleri  bolan zenanlardygyny aýan etdi.

Beýleki tarapdan ýarym resmi ISNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Elburs uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary Seýýid Hüseýin Inanlu, Elburs welaýatynda koronawirusa ýolugan 3 adamyň 1-niň ýogalandygyny habar berdi.

Inanlu, adamlara mejbur bolmadygy saýyn öýlerinden çykmazlyklary barada maslahat berdi.

Eýranyň IRNA habarlar agentligine beýanat beren Hemedan Lukmançylyk fakultediniň dekanynyň orunbasary Menuçehr Kerimi bolsa: “Hemedan welaýatynda ilkinji koronawirus wakasyna çarşenbe güni gabat gelindi. Syrkawlaryň biri ýogaldy” diýip aýan etdi.

Beýleki tarapdan Eýranyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ireç Herirçi, wirusyň özünde hem anyklanandygyny habar berdi.

Şeýlelik bilen ýurtda koronawirus ýolugan adamlaryň sany 96-a ýetdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #habar , #Eýran

Degişli Habarlar