Dünýäniň tekizdigini subut etmek islän adam ýogaldy

Dünýäniň tekizdigini subut etmek üçin özüni asmana uçuran amerikaly, ýere gaçyp ýogaldy

1365325
Dünýäniň tekizdigini subut etmek islän adam ýogaldy
Mike Hughes1.jpg
Mike Hughes.jpg

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda dünýäniň tekizidigi baradaky teoriýany subut etmäge synanyşan Maýk Hýus, öý şertlerinde ýasan raketasy bilen asmana uçanyndan gysga wagt soň, ýere gaçyp ýogaldy.

Raketanyň uçurylyşyna gözegçilik eden žurnalist Jastin Çapman, sosial media hasabyndan paýlaşan wideosynda: “Maýk Hýus birnäçe wagt ozal özüni raketa bilen asmana uçurdy we az salym soň ýere gaçdy” diýip habar berdi.

Wideoda “telbe mehanik” diýip atlandyrylýan Hýus, uçurylanyndan birnäçe sekunt soň ýere gaçýan mahaly paraşýutyny açmaga synanyşýar.

Paraşýuty örän ir açmak islän Hýus, birnäçe sekunt soň ýere gaçýar.

San Bernandinonyň Polisiýa departamenti, 1 adamyň çölde raketanyň ýere gaçmagy netijesinde ýogalandygyny tassyklady, emma ýogalan adamyň şahsyýeti barada maglumat bermedi.

Emma wakanyň bolan ýerinde bolan we Hýusyň dosty bolan Waldo Stakes, dostunyň ölendigini tassyklady.


Etiketkalar: #subut etmek , #dünýä , #tekiz , #ABŞ

Degişli Habarlar