Ženewadaky 5+5 formatyndaky harby toparyň maslahaty ýaňadandan başlady

BMG Liwiýada hüjümleriň bes edilmegi Ženewadaky 5+5 formatyndaky bilelikdäki harby toparyň maslahatlarynyň ýaňadandan başlandygyny beýan etdi

1363722
Ženewadaky 5+5 formatyndaky harby toparyň maslahaty ýaňadandan başlady

BMG-niň Liwiýa goldaw missiýasynyň Metbugat sekretary Žan el Alam maslahatlaryň näçe wagt dowam etjekdigini bilmeýändiklerini nygtap: “Mälim bolşy ýaly gepleşiklerde ähli zat mümkin” diýdi.

BMG tarapyndan ykrar edilýän Liwiýanyň kanuny Milli ylalaşyk hökümetiniň Başlyklyk geňeşi huntajy Haftara tabynlykdaky söweşijileriň sişenbe güni Tripoliniň howa menziline guran hüjümleri sebäpli Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde 5+5 formatynda  geçirilmegi meýilleşdirilen harby toparyň maslahatyna gatnaşmakdan saklanypdy.

Toparyň maslahatlarynyň ýaňadandan başlamagy üçin uly tagalla eden BMG-niň Liwiýa goldaw missiýasy bolsa hüjümleri berk ýazgarypdy.

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde 3-nji fewralda başlan we 5 agzasy Milli utgaşyklyk hükümetine degişli, 5 agzasy Haftara tabynlkly ýaragly toparlara degişli wekiller Liwiýanyň milli goşunynyň kesgitlenýän 5+5 formatyndaky bilelikdäki harby toparyň maslahatynyň birinji tapgyry 8-nji fewralda tamamlanypdy.



Degişli Habarlar