Russiýa, koronawirus sebäpli hytaýlylaryň ýurda girmegini gadagan etdi

Russiýada häzire çenli hytaýly 2 adamda wirusa gabat gelindi we  karatin astyndaky bejergileri tamamlandy

1362557
Russiýa, koronawirus  sebäpli hytaýlylaryň ýurda girmegini gadagan etdi

 

Russiýa, koronawirus epidemiýasy (Kowid-19) sebäpli hytaýlylaryň ýurda girmegini wagtlaýyn gadagan etdi.

Russiýanyň Wise-premýeri Tatýana Golikowa, paýtagt Moskwada beren beýanatynda, Premýer ministri Mihail Muşistiniň gol çeken kararyna laýyklykda, Hytaýyň raýatlarynyň Russiýa girmeginiň wagtlaýyn gadagan edilendigini aýtdy.

Golikowa “Şahsy, iş, bilim ýada syýahatçylyk maksady bilen Russiýa gelmek isleýän hytaýlylaryň ýurda girmegi 20-njy fewraldan başlap wagtlaýyn saklandy” diýdi.

Russiýada häzire çenli hytaýly 2 adamda wirusa gabat gelindi we  karatin astyndaky bejergileri tamamlandy.



Degişli Habarlar