"Russiýa ABŞ-ny Siriýada talaňçylyk etmekde günäkärledi"

“ABŞ Siriýanyň nebit känlerini talaýar”

1362219
"Russiýa ABŞ-ny Siriýada talaňçylyk etmekde günäkärledi"

 

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, ABŞ-nyň Siriýada nebit känlerini talaýandygyny aýtdy.

Italiýanyň paýtagty Rimde, Italiýanyň Daşary işler ministri Luigi Di Maionyň, Goranmak ministri Lorenzeo Guerininiň we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň gatnaşmagynda 2+2 formatynda ministrler derejesinde maslahat geçirildi.

2 ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meselelere garalan maslahatdan soň Sergeý Şoýgu bilen Sergeý Lawrow, İtaliýanyň Premýer ministri Konte bilen duşuşdy.

Italiýada geçiren duşuşyklary hakynda beýanat beren Şoýgu bilen Lawrow, žurnalistleriň Siriýa hakyndaky soraglaryna hem jogap berdi.

Sergeý Şoýgu ABŞ-ny Siriýada talaňçylyk etmekde günäkärledi.

ABŞ-nyň Siriýadaky nebit känlerine gözegçilik edýändigini aýdan Şoýgu, “ABŞ Siriýadaky nebit känlerine gözegçilik edýär, Siriýa we siriýanyň halkyna degişli baýlyklar talanýar” diýdi.



Degişli Habarlar