Ali Hamaneý, halkyň anna güni geçiriljek saýlawlara gatnaşmagy üçin çagyryş berdi

Hamaneý, halkyň saýlawda ses bermek bilen ýurduň düşmanlaryn arzuw hyýallaryny puja çykarjakdygyny nygtady

1361908
Ali Hamaneý, halkyň anna güni geçiriljek saýlawlara gatnaşmagy üçin çagyryş berdi

 

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, halkyň anna güni geçiriljek saýlawlara gatnaşmagy üçin çagyryş berdi.

ABŞ-nyň, Eýranda hökümet bilen halkyň arasynda dartgynlyk emele getirmegi maksat edinýändigini nygtan Hamaneý, halkyň saýlawda ses bermek bilen ýurduň düşmanlaryn arzuw hyýallaryny puja çykarjakdygyny nygtady.

Ýurtda ykdysady taýdan başdan geçirilýän kynçylyklar bilen birlikde soňky döwürdäki käbir wakalaryň halk bilen hökümetiň arasyndaki dartgynlygy artdyrandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar