Idlibde soňky 3 aýda 830 müň, soňky 3 günde bolsa 143 müň adam öýüni terk etdi

2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Siriýa-Türkiýe serhedine göçenleriň sany 1 million 794 müň adama ýetdi

1359906
Idlibde soňky 3 aýda 830 müň, soňky 3 günde bolsa 143 müň adam öýüni terk etdi

 

BMG Siriýanyň Idlib şäherinde soňky 3 aýda 830 müň, soňky 3 günde bolsa 143 müň adamyň öýüni terk edendigini mälim etdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç gündelik metbugat ýygnagynda Idlibde, Halapda, Arminde we Ataribde dowam edýän çaknyşyklar sebäpli ýüz müňlerçe adamyň ýerlerini terk edendigine ünsi çekdi.

Öýlerini terk etmeli bolanlaryň sanynyň 80 göterimden gowragynyň zenanlardan we çagalardan ybaratdygyny nygtan Dužarriç “Dekabr aýynyň başyndan bäri 830 müňden gowrak adam, soňky 3 günde bolsa 143 müň adam çaknyşyklar sebäpli ýerlerini terk etmeli boldy” diýdi.

Dužarriç, Idlibde we Halapda sişenbe gününden bäri 72 hassahana bilen saglygy goraýyş merkeziniň wagtlaýyn ýapylandygyny nygtady.

Soçi ylalaşygynyň gazanylan gününden bäri Asada tabynlykdaky güýçler we tarapdarlarynyň Idlibde guraýan hüjümlerinde 1800-den gowrak adam ýogaldy, 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Siriýa-Türkiýe serhedine göçenleriň sany bolsa 1 million 794 müň adama ýetdi.

 


Etiketkalar: #serhet , #terk etmek , #Idlib

Degişli Habarlar