Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň günsaýyn artýar
Hytaýda täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1666-a, wirusyň ýokan adamlaryň sany bolsa 68 müň 500-e ýetdi

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanatda, ýurtda wirus ýokandygy şübhe edilýän adamlaryň sanynyň 8 müň 228-e, wirus ýokan adamlar bilen aragatnaşykda bolandyklary sebäpli gözegçilik astynda saklanýan adamlaryň sany bolsa 158 müň 764-digi aýan edildi.
Beýleki tarapdan täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1-i Gonkongda bolmak bilen jemi 1666-a ýetdi. Wirus ýokandygy anyklanan adamlaryň sany 11 müň 272-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 68 müň 500-e ýetdi. Şu günki güne çenli saglyk ýagdaýy gowylanyp, öýüne iberilen adamlaryň sany bolsa 9 müň 419-a ýetdi.
Hytaýdan daşary Gonkongda wirus ýokan adamlaryň sany 84-e, Makau sebitinde bolsa 10-a ýetendigi mälim edildi.
Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýurtda soňky 24 sagatda 142 adam ýogalan bolsa, wirus ýene-de 2 müň 9 adama ýokandygy habar berildi.
Degişli Habarlar

Halkara Aýal-Gyzlar Ýörişi Geçirildi
Gaza sektorynda ýaşaýan zenanlar, 8-nji mart halkara aýal-gyzlar günü mynasibetli ýöriş geçirdi.