Putin egindeşleri bilen Idlibde başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýda ýüze çykan koronawirus epidemigasynyň halkara ykdysadyýete ýetirýän täsiri hem gün tertibine getirildi

Putin egindeşleri bilen Idlibde başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşdy

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen duşuşdy.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda, Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda, terror guramalarynyň guraýan hüjümleri bilen Idlibde barha dartgynlaşýan soňky wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Beýanatda dekabr aýynda Hytaýda ýüze çykan koronawirus epidemigasynyň halkara ykdysadyýete ýetirýän täsiriniň hem gün tertibine getirlendigi ýatladyldy.


Etiketkalar: Idlib , koronawirus , Russiýa

Degişli Habarlar