Erdogan Demirgazyk Makedoniýada “iň halanýan dünýä lideri” saýlandy

Prezident R.T.Erdogan Demirgazyk Makedoniýada geçirilen sowalnamanyň netijesine görä “iň halanýan dünýä lideri” boldy

Erdogan Demirgazyk Makedoniýada “iň halanýan dünýä lideri” saýlandy

Merkezi Şweýsariýada ýerleşýän halkara ylmy-barlag firmasy “Gallup İnternasional Assosiasiona” agza bolan “Birma” ylmy-barlag gullugy tarapyndan geçirilen sowalnamanyň netijelerine görä Prezident Erdogan “iň halanýan dünýä liderleri” sanawynda birinji orny eýeledi.

Gatnaşyjylaryň 60 göterimi Prezident Erdogan hakynda oňyn garaýyş beýan etdiler.

Erdogan soň 54 göterim bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel 2-nji, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin üçünji, 4-nji orny bolsa Katolik dünýäsiniň ruhani lideri Papa Frankis, 5-nji orny bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp eýeledi.

ÝB-niň Demirgazyk Makedoniýa bilen agzalyk gepleşiklerine başlamagyny weto eden Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa sanawynyň soňky ornuny eýeledi.



Degişli Habarlar