Ýaponiýada täze görnüş koronawirus sebäpli ilkinji gezek bir adam ýogaldy

Ýaponiýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ilkinji gezek bir adam ýogaldy

1359127
Ýaponiýada täze görnüş koronawirus sebäpli ilkinji gezek bir adam ýogaldy

Kýodo agentliginiň berýän habaryna görä, ýurdyň saglygy goraýyş ministri Kato Katsunobu, ýurtda täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ilkinji adam ýitgisiniň bolandygyny habar berdi. 

Kato, koronawirus sebäpli ýogalan adamyň, Tokio şäheriniň golaýyndaky Kanagawa sebitindäki hassahanalaryň birinde şu aýyň başyndan bäri bejergi astynda saklanýan 80 ýaşyndaky bir zenandygyny mälim etdi. 

Zenanyň wirus bilen ýokandygy öleninden soň tassyklanandygy aýan edildi. 

 


Etiketkalar: #wirus , #zenan , #Kýodo , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar