Stoltenberg, Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa çagyryş berdi

Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýanat berdi

1357321
Stoltenberg, Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa çagyryş berdi

 

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň, Idlibde guraýan hüjümleriniň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Stoltenberg, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde fewral aýynyň 12-13-i aralygynda geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýanat berdi.

Soltenberg Idlibde başdan geçirilýän soňky wakalaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynda seljerilmegine garaşýandygyny belledi.

Idlibde başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändigini aýdan Stoltenberg, asuda ilaty nyşana alýan hüjümler sebäpli ýüzmüňlerçe adamyň ýerini terk edendigine ünsi çekdi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg “Idlibdäki hüjümleri ýazgarýaryn. Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa hüjümlerini gyssagly bes etmekleri üçin çagyryş berýärin” diýdi.



Degişli Habarlar