Ýaponiýada karantin astyna alynan ýolagçy gämisinde ýene-de 60 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy

Ýokohama portunda sişenbe güni karantin astyna alynan 3700 ýolagçysy bolan gämide 130 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy

1356424
Ýaponiýada karantin astyna alynan ýolagçy gämisinde ýene-de 60 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy

 

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan koronawirus epidemiýasy sebäpli Ýaponiýada karantin astyna alynan ýolagçy gämisinde ýene-de 60 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy.

Kýodo habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ýokohama portunda sişenbe güni karantin astyna alynan 3700 ýolagçysy bolan gämide 130 adamda wirusyň bardygy anyklanyldy.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanatda ýolagçy gämisinde ýene-de 60 adamda wirusyň bardygynyň anyklanylandygy nygtaldy.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokýonyň golaýyndaky Ýokohama portuna gelen ýolagçy gämisi, gämide syýahat edýän Gong Konglu bir ýolagçyda koronawirus epidemiýasyna gabat gelinmeginden soň geçen hepde karantin astyna alnypdy.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda gabat gelinen täze görnüşli koronawirusyň gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütnidünýä Saglygy goraýyş guramasy “Gyssagly ýagdaý” yglan edipdi.

 



Degişli Habarlar