Müsürde ýaragly topar gözegçilik nokadyna hüjüm gurady

Hüjümden soň bolan çaknyşykda esgerlerden ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygy nygtalýar

1356207
Müsürde ýaragly topar gözegçilik nokadyna hüjüm gurady

Müsüriň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Demirgazyk Sina welaýatynda gözegçilik nokadyna guralan hüjümden soň bolan çaknyşykda esgerlerden ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygy nygtaldy

Müsüriň goşunynyň metbugat sekretary Tamir Ar Rifai, mesele hakynda beren beýanatynda ýaragly toparyň Demirgazyk Sinada gözegçilik nokadyna hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Rifai howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda bolan çaknyşykda ýogalanlaryň bardygy aýtdy emma olaryň sany barada maglumat bermedi.

Rifai, hüjümde 10 hüjümçiniň öldürlendigini belledi.

Demirgazyk Sina welaýatynda ýerleşýän Refah we Ariş şäherleri wagtal-wagtal ýaragly toparlaryň hüjümine sezewar bolýar.

 

 



Degişli Habarlar