Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümeti Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Liwiýanyň halkara guramalar tarapyndan ykrar edilen Milli Ylalaşyk hökümetiniň Prezident Geňeşiniň agzasy Muhammed Al-Ammari Zaýid, esasly pozisiýasy we goldawy sebäpli Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

1356199
Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümeti Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümeti tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Zaýidiň we Türkiýäniň Tripoli şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serhat Aksen bilen, düýn ýurdyň paýtagty Tripolidäki Premýer ministrlik binasynda duşuşyk geçirendigi habar berildi.

Beýanatda, Zaýidiň we Akseniň ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Liwiýadaky syýasy we harby ýagdaý, Ženewada geçirilen 5+5 gepleşikleri, Liwiýa temaly ykdysady we syýasy gepleşikler ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary mälim edildi.

Zaýid duşuşykda Milli Ylalaşyk hökümetiniň şu günki gün has hem güýçli hüjümleriň hötdesinden gelip, Liwiýanyň ähli topraklaryny yzyna gaýtaryp biljek ýagdaýdadygyny beýan etdi.

Zaýid: “Hafter we oňa goldaw berýän ýurtlar, syýasy bir çözgüde ynanmaýar, ol halkara maslahatlara gatnaşyp diňe wagt utmak isleýär” diýip aýan etdi.

Zaýid, Türkiýäniň Liwiýa beren goldawy we Ankaranyň Liwiýa meselesi boýunça asuda ilatyň, paýtagtyň we döwlet edaralarynyň goralmagy üçin esasly pozisiýasy sebäpli ilçi Aksene minnetdarlyk bildirdi.



Degişli Habarlar