Afrinde terrorçylykly hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

1356428
Afrinde terrorçylykly hüjüm guraldy

Türkiýäniň Hataý welaýatynyň golaýynda, Siriýanyň territoriýasynyň çäginde ýerleşýän Afrin etrabynda guralan terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 4 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy.

Halap welaýatynyň Afrin etrabynyň merkezinde, Raju ýoly diýip bilinýän köçä goýulyp gidilen bomba ýüklenen ulag partlady.

Hüjümde ýoldan geçip barýan asuda ilatdan 4 adam, ýanyp ýogaldy, 15 adam bolsa ýaralandy.

Partlamadan soň ýüze çykan ýangyny söndürmek üçin ýörite toparlar gönükdirildi.

Bejergi astyna alynan adamlaryň käbirleriniň ýagdaýy agyr bolanlygy sebäpli, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan 2018-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilen Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplanan etrapda, guramanyň agzalary wagtal-wagtal asuda ilaty nyşana alyp bombaly hüjümler guraýar.

Howpsyzlyk çeşmeleri terrorçylardan saplanan bombaly hüjümleriň, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralýandygyny, emma guramanyň asuda ilata zeper ýetýändigi üçin ol hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne almakdan saklanýandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar