Russiýa Hindistana satan S-400 goranyş ulgamyny geljek ýyl gowşurmaga başlar

Ulgamyň gowşurlyşy 2023-nji ýylda tamamlanar

1353790
Russiýa Hindistana satan S-400 goranyş ulgamyny geljek ýyl gowşurmaga başlar

Russiýanyň Federatiw Harby tehniki hyzmatdaşlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Wladimir Drožžow Hindistana berilen S-400 raketa goranyş ulgamynyň birinji tapgyrynyň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli gowşuryljakdygyny aýtdy.

Drožžow Hindistanyň Lukanow şäherinde žurnalistlere beren beýannamasynda Hindistana beriljek S-400 howa goranyş ulgamynyň bellenen tertipde gowşuryljakdygyny nygtap: “S-400-iň birinji tapgyry meýilleşdirilişi ýaly 2021-nji ýylyň ahyrynda başlar. İlki hindistanly hünärmenlere tälim beriler” diýdi.

Hindistan Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny satyn almak hakyndaky ylalaşyga 2018-nji ýylda gol çekipdi.

Hindistanyň Premýer-ministri Nerandra Modi bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen giň gerimli gepleşiklerden soň ylalaşylan şertnama laýyklykda ulgamyň 2023-nji ýylda doly gowşurylmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar