Lagard koronawirusyň global ykdysadyýete ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi barada duýduryş berdi

Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard, Hytaýda ýüze çykan täze görnüş koronawirus epdemiýasynyň global ykdysadyýete ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi barada duýduryş berdi

1354239
Lagard koronawirusyň global ykdysadyýete ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi barada duýduryş berdi

Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen dabaralaryň birinde çykyş eden Lagard: “ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşi azalan ýaly görünsede, koronawirus muňa täze bir näbellilik gatlagyny üstüne goşýar” diýdi.

Beýleki tarapdan Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen maslahatlaryň birinde söz sözlän Ýewropanyň Merkezi bankynyň baş ykdysadyýet hünärmeni Filip Lane, täze görnüş koronawirusyň ykdysadyýete täsiriniň, onuň nähili derejede çalt ýaýramagyna bagly boljakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar