“Dünýäniň parahatçylygy we howpsyzlygy, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara bagly”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin 23 ýurduň ilçisini kabul etdi

1353965
“Dünýäniň parahatçylygy we howpsyzlygy, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara bagly”
putin buyukelciler guven mektubu.jpg
vladimir putin.jpg

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, dünýadäki parahatçylygyň we howpsyzlygyň, ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara baglydygyny aýtdy.

Wladimir Putin ýurdunda iş alyp barjak 23 ýurduň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini Kremlde kabul etdi.

Dabara gatnaşan ilçiler Putine ynanç hatyny gowşurdy.

Putin dabarada eden çykyşynda dünýadaki ýagdaýyň howplydygyna ünsi çekdi.

Putin “Sebitara çaknyşyklar artýar, terrorizm howpy gün saýyn artýar, ýarag gözegçilik ulgamy çökýär, global ykdysadyýet durnuksyz ýagdaýa geldi” diýdi.

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Putin, “Dünýäniň parahatçylygy we howpsyzlygy, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara bagly”diýdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #gynanç haty , #ilçi , #Russiýa

Degişli Habarlar