ABŞ-de uniwersitetleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Wakada 2 adam ýogaldy

1352807
ABŞ-de uniwersitetleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Tehas A&M uniwersitetinde guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy.

Tehas A&M uniwersitetiniň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Dallas şäheriniň 107 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Kommers kampusyndaky Pride Rok atly umumy ýaşaýyş jaýynda guralan ýaragly hüjümde, 2 adamyň ýogalandygy, 1 adamyň ýogalandygy barada maglumat berildi.

Ýaralanan adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy, güniň dowamynda uniwersitetde dersleriň goý bolsun edilendigi aýan edildi.

Polisiýa gullugy hüjüm bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.

Tehas A&M uniwersiteti, 12 müňden gowrak talyby bilen Tehasyň iň uly 3-nji uniwersitetidigi mälim edildi.


Etiketkalar: #uniwersitet , #Tehas , #ABŞ

Degişli Habarlar