Russiýa we Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümlerde 11 adam ýogaldy

Idlib 2011-nji ýyldan bäri dowam edýän içerki uruşda oppozisionerleriň we hökümete garşy ýaragly toparlaryň galasy hökmünde bilinýär

1351838
Russiýa we Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümlerde 11 adam ýogaldy

Russiýa we Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan düýn Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralan hüjümlerde asuda ilatdan 11 adam ýogaldy.

Oppozisionerleriň berýän maglumatyna görä, rus harby uçarlarynyň hüjümlerinde 9, Asada tabynlykdaky güýçleriň guran hüjümlerinde bolsa 2 adam ýogaldy.

Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib welaýaty, 2011-nji ýyldan bäri dowam edýän içerki uruşda oppozisionerleriň we hökümete garşy ýaragly toparlaryň galasy hökmünde bilinýär.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #asuda ilat , #Idlib

Degişli Habarlar