Russiýa koronawirus sebäpli Hytaý bilen gatnaşyklary çäklendirýär

Russiýa koronawirus epidemiýasy sebäpli Hytaýa demirýol gatnawyny bes etdi

1351785
Russiýa koronawirus sebäpli Hytaý bilen gatnaşyklary çäklendirýär

Russiýanyň Demirýollary kompaniýasyndan berilen ýazmaça beýannamada Hytaý bilen demir ýoly arkaly ýolagçy gatnatnawynyň 3-nji fewralda ýerli wagt boýunça sagat 00:00-dan başlap wagtlaýynça bes edilendigi habar berildi.

Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Tatýana Golibowka mundan ozal Týumen we Sibiriň günortasyndaky Transbaýkal oblastynda Hytaýyň 2 raýatynda koronawirusyň bardygynyň anyklanandygyny habar beripdi.

Russiýa epidemiýa sebäpli Hytaý bilen sehetleri ýapmak, Hytaýyň raýatlaryna berilýän elektron wiza düzgünini wagtlaýynça bes etmek hakynda karar kabul edipdi.

Käbir rus firmalary hem Hytaýa guraýan uçar hem-de otly gatnawlaryny çäklendiripdi.

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gol çeken kararyna laýyklykda Hytaý bilen wizasyz syýahat düzgüni wagtlaýynça bes edilen bolsa, Hytaýyň raýatlaryna berilýän zähmet wizasy hem bes edilipdi.



Degişli Habarlar