Russiýada fabrikleriň birinde partlama boldy

Partlamada jemi 5 adam ýogaldy

1350938
Russiýada fabrikleriň birinde partlama boldy

Russiýanyň Msensk şäherinde ýerleşýän metal fabrikde bolan partlamada 1-i Türkiýäniň raýaty bolan jemi 5 adam ýogaldy.

Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Orlowsk sebitiniň Msensk şäherinde gurluşygy dowam edýän metal fabrikde partlama boldy.

Partlamanyň netijesinde 1-i Türkiýäniň raýaty bolan jemi 5 adam ýogaldy, ýaralanan adamlaryň arasynda bolsa ýene-de 3 türk raýatynyň bardygy habar berildi.

Gaz sebäpli bolan partlamadan soň fabrigiň üçeginiň çökendigi aýan edildi.


Etiketkalar: #fabrik , #partlama , #Russiýa

Degişli Habarlar