Owganystanda ýere gaçan ABŞ-e degişli uçar bilen bagly derňew başladyldy

Owganystanyň Gazna welaýatynda ABŞ-e degişli bir harby uçaryň ýere gaçmagy bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

1348854
Owganystanda ýere gaçan ABŞ-e degişli uçar bilen bagly derňew başladyldy

ABŞ-nyň goşuny Owganystanda duşenbe güni ýere gaçan uçaryň Amerikanyň goşunyna degişli E-11A kysymly harby uçardygy tassyklandy.

Emma uçaryň od açylyp ýere gaçyrylandygy bilen baglanşykly hiç hili subutnamanyň ýokdygy aýan edildi.

Owganystandaky Amerikan harby güýçleriniň metbugat geňeşçisi uçaryň näme sebäpli gaçandygynyň derňelýändigini habar berdi.

Gözegçilik maksatly ulanylan uçaryň Gazna welaýatynda terror guramasy Talibanyň gözegçiligindäki Deh Ýak diýilen ýerine gaçypdy.

Terror guramasy Taliban uçary od açyp ýere gaçyrandygyny we içindäki amerikan esgerleriniň ölendigini öňe sürüpdi.


Etiketkalar: #uçar , #Owganystan , #ABŞ

Degişli Habarlar