Russiýa Idlibde hassahanany nyşana aldy

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa degişli harby uçarlaryň, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän ýaşaýyş ýerlerine hüjümleri dowam edýär

1347636
Russiýa Idlibde hassahanany nyşana aldy

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar, Keferruma, Kefer Battih, Semke, Tel Kresýan we Reýýan obalaryna howa hüjümlerini guradylar. 

Russiýa degişli harby uçarlar bolsa Idlibiň Marratinnuman we Serakib etraplary bilen, Dadih, Serje, Mardibse, Bebbila, Marand obalaryna howa hüjümlerini grady. Rus uçarlar şeýle hem Halap welaýatyna degişli  Raşidin we Mansura sebitlerine we Han Tuman, Zitan, Halsa, Kefer Hamra obalaryny bombalady. 

Alynan maglumata görä, Russiýanyň harby uçarlary şu gün günortan takmynan asuda ilatdan 50 müň adama saglyk hyzmatyny berýän Serje obasyndaky Iman hassahanasyny nyşana alyp, hüjüm gurady. 

Hüjümden ozal hassahananyň boşadylandygy sebäpli ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygy, emma hassahananyň ulanyp bolmajak ýagdaýa gelendigi aýan edildi. 

 



Degişli Habarlar