Elazygda bolan ýer titremesinden soň birnäçe ýurtdan duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelýär

“Öz adymdan we Kipr türk halkynyň adyndan ýer titremesinde ýogalan doganlarymyza Alladan rehnet, hossarlaryna we türk halkyna sabyr dileýärin”

1347100
Elazygda bolan ýer titremesinden soň birnäçe ýurtdan duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelýär

 

Elazygyň Siwrije etrabynda düýn Türkiýe wagty bilen 20.55-de bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň birnäçe ýurtdan duýgudaşlyk ýüzlenmeleri geldi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy ýüzlenmesinde Elazygda bolan ýer titremesinde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirdi.

Mustafa Akynjy “Öz adymdan we Kipr türk halkynyň adyndan ýer titremesinde ýogalan doganlarymyza Alladan rehnet, hossarlaryna we türk halkyna sabyr dileýärin” diýdi.

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis “Türkiýede bolan ýer titremesi sebäpli Prezident R. T. Erdogana we türk halkyna duýgudaşlyk bildirýäris. Gözleg we halas ediş işlerine ýardam bermäge taýar” diýdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias hem türk kärdeşi Mewlüt Çawuşoglyna ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi we ýardam bermäge taýardyklaryny aýtdy.

Kosowanyň Prezidenti Haşim Taçi hem Twitterden Elazygda bolan ýer titremesinde ýogalanlara gynanç bildirdi we gyssagly hünärmen toparyny ugratmaga taýardyklaryny belledi.

Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium geňeşiniň agzasy Şefik Dzaferowiç hem ýer titremesi sebäpli Prezident R. T. Erdogana ugradan ýüzlenmesinde “Jenap Erdogan, ýurduňyzda bolan ýer titremesine uly gynanç bildirýändigimi beýan etmek isleýärin. Türk halky üçin doga edýäris, Size, türk halkyna we esasan ýer titremesinde ýogalanlaryň  hossarlaryna gynanç bildirýärin, ýaralananlara gyssagly şypa dileýärin” diýdi.

Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Stewo Pendarowski, Elazygda bolan ýer titremesine uly gynanç bildirdi.

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama hem Twitterden ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi.

Meksikanyň hökümeti bilen Boliwiýadan, Ekwadordsan, Kolumbiýadan, Perudan we Çiliden ybarat AND Parlamenti ýer titremesinde ýogalanlar üçin Türkiýä gynanç bildirdi.

ÝB-niň daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel hem türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Malaýziýanyň Premýer ministriniň orunbasary Wan Azizah Wan Ismail hem düýn Elazygda bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesine uly gynanç bildirýändiklerini nygtap, “Malaýziýanyň halky bu agyr gününde türk halkyna goldaw berýär we ähli taraplaýyn kömek bermäge taýar” diýdi.



Degişli Habarlar