Donald Tramp Pakistanda saparda bolar

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Pakistana sapar gurajakdygyny habar berdi

1345861
Donald Tramp Pakistanda saparda bolar

Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilen Bütindünýä Ykdysady forumyň çäginde Pakistanyň Premýer ministri Imran Han bilen Donald Trampyň duşuşygyna gatnaşan Kureýşi, duşuşyk bilen bagly maglumat berdi.

Takmynan 1 sagat dowam eden duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin we global derejedäki meseleleriň ele alynandygyny habar beren Kureýşi: “Tramp ýakyn wagtda Pakistana sapar guramak isleýändigini Imran Hana aýtdy” diýip mälim etdi.

Kureýşi saparyň haçan guraljakdygy barada sene kesgitlenmändigini belläp, Hanyň Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmirde başdan geçirilýän adam hukuklarynyň düzgün bozmalary bilen baglanşykly Trampa maglumat berendigini aýan etdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda söwda kuwwadyny artdyrmak meslesiniň hem duşuşykda ele alynandygyny aýdan Kureýşi, Owganystandaky parahatçylyk etaby bilen ABŞ-Eýran dartgynlygynyň hem duşuşykda gözden geçirilendigini beýan etdi.

Han we Tramp, soňky 1,5 ýylda eýýäm 3-nji gezek özara duşuşyk geçirýän bolsa, Pakistan soňky gezek 2006-njy ýylda ABŞ-nyň Prezidentini myhman alypdy.


Etiketkalar: #sapar , #ABŞ , #Pakistan

Degişli Habarlar