Trampyň kellesini getirene 3 million dollarlyk baýrak

“Kirmanyň  halkynyň adyndan Trampy öldürene nagt 3 million dollarlyk baýrak bereris”

1344783
Trampyň kellesini getirene 3 million dollarlyk baýrak

 

Eýranly halk deputaty Ahmed Hamza, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy öldüren adama 3 million dollarlyk baýrak berjekdiklerini aýtdy.

Eýranly talyplaryň ISNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, mejlisde çykyş eden Kirman welaýatynyň Kehnuj etrabynyň halk deputaty Hamza, ABŞ-nyň guran hüjüminde ýogalan eýranly general Kasym Süleýmaniniň dogduk diýary Kirmanyň halkynyň adyndan Trampyň kellesini getireni sylaglandyrjakdyklaryny belledi.

Hamza “Kirmanyň  halkynyň adyndan Trampy öldürene nagt 3 million dollarlyk baýrak bereris” diýdi.

ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan bir taraply ýagdaýda çekilmeginden soň Ýewropa ýurtlarynyň hem Eýrana goldaw bermek üçin ýeterlik derejede tagalla etmeýändigine ünsi çeken Hamza, Eýranyň hökümetine ylalaşykdan çekilmegi we ýadro ýaragyny öndürmegi üçin çagyryş berdi.

 

 



Degişli Habarlar