Kataryň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Yraga bardy

“Yragyň hökümeti bilen sebitde başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin gepleşikler geçirýäris"

1341360
Kataryň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Yraga bardy
El-Hekim-Al Sani1.jpg

 

Yragyň Daşary işler ministri Muhammed Ali Al Hekim, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk sebäpli ýurdunyň çaknyşyk giňişligi bolmagyny kabul etmeýändiklerini aýtdy.

Ministr Hekim, resmi sapar bilen Bagdada baran Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Kataryň Daşary işler ministri Al Sani bilen ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Hekim, “ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk sebäpli Yragyň çaknyşyk giňişligi bolmagyny kabul etmeýäris, biz sebitiň durnuklylygyna goldaw berýäris” diýdi.

Sebitde başdan geçirilýän dartgynlyga ünsi çeken Kataryň Daşary işler ministri Al Sani “Yragyň hökümeti bilen sebitde başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin gepleşikler geçirýäris. Yragyň sebitdäki syýasy çekeleşiklere degişli edilmegini islemeýäris” diýdi.

Yragyň territorial bitewiligine sarpa goýulmalydygyny nygtan katarly ministr, Yrakdaky syýasy krizisiň hem gysga wagtda çözülmegini isleýändiklerini belledi

 

 

 

 



Degişli Habarlar