Indoneziýada 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä ýogalan ýada ýaralanan bolmady

1341316
Indoneziýada 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Gündogar Nusa Tenggara welaýatynda 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Indoneziýanyň metralogiýa gullugy tarapyndan berlen beýanatda, Kupang etrabynyň 64 kilometr günorta gündogarynda ýeriň 10 kilometr aşagynda 5,9 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygy nygtaldy.

Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä ýogalan ýada ýaralanan bolmady, sunami duýduryşy hem berilmedi.

Indoneziýanyň Maluku welaýatynda 26-njy sentýabrda bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 36 adam ýogalypdy.

 

 



Degişli Habarlar