Tramp: “Kasym Süleýmani elhenç bir geçmişe eýedi” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, öldürilen eýranly general Kasym Süleýmaniniň elhenç bir geçmişe eýe bolandygyny we ABŞ-e garşy wehim salyp-salmazlygynyň möhüm däldigini habar berdi

Tramp: “Kasym Süleýmani elhenç bir geçmişe eýedi” diýdi

Kasym Süleýmana garşy guralan ABŞ-nyň howa hüjümini we wagtyny tankyt eden demokratlara nägilelik bildiren Tramp, Twitterden beren beýanatynda: “Demokratlar we ýalançy media, 20 ýyl bäri edilmedik zady, hut men ýerine ýetirendigim üçin Süleýmanini ajaýyp bir adam ýaly görkezmäge synanyşýarlar. Ykdysady we harby ugurlarda eden ähli zadym aşa çep Demokratlar tarapyndan pes görülýär. Hiç zat etmeýän demokratlar” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Süleýmaniniň ABŞ üçin gyssagly bir howp emele getirendigini aýdan Tramp: “Ýalançy habar mediasy we hyzmatdaşlary bolan Demokratlar, Süleýmaniniň ABŞ-e garşy bir hüjüm guramak meýiliniň bolup-bolmandygyny derňeýär. Jogap bolsa çürt-kesik hawa, emma Süleýmani elhenç bir geçmişe eýe bolanlygy üçin onuň ähmiýeti ýok” diýip nygtady.

Eýranda hökümete garşy geçirilýän demonstrasiýalarda ABŞ-nyň baýdagynyň üstünden geçilmezligini göz öňünde tutuan Tramp, wakany uly bir hadysa hökmünde häsýetlendirdi.



Degişli Habarlar