Şwesiýa Eýrandan jerime tölemegini isledi

Şwesiýanyň hökümeti, Eýran tarapyndan ýalňyşlyk bilen od açylyp ýere gaçyrylan Ukraina degişli uçarda ýogalan adamlar üçin jerime tölenmegini isländigini aýan etdi

Şwesiýa Eýrandan jerime tölemegini isledi

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde, Twitter hasabyndan, Eýranyň Stokgolm şäherindäki Adatdan daşary we doly gytyýarly ilçisi Saýed Rasool Mohajeriň, Eýranda od açylyp ýere gaçyrylan Ukraina degişli ýolagçy uçar bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin ministrlige çagyrylandygyny habar berdi.

Ministr Linde, Eýranyň Stokgolm şäherindäki Adatdan daşary we doly gytyýarly ilçisi Saýed Rasool Mohajere, wakany derňemek üçin hyzmatdaşlyk edilmegini teklip edendiklerini beýan edip: “Tizlik we açyklyk taýdan we şol bir wagtda ýurdumyzyň ýogalan raýatlarynyň dogan-garyndaşlarynyň gam-gussasyny az hem bolsa diňdirmek üçin jogapkärçilik almaklary teklip edildi” diýip mälim edildi.

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine gitmek maksady bilen Tähran şäherindäki Halkara Ymam Humeýni howa menzilinden uçan Boeing 737 kysymly ýolagçy uçar, 8-nji ýanwarda çarşenbe güni uçanyndan gysga wagt soň ýere gaçypdy we uçaryň düzümindäki Eýranyň, Ukrainanyň, Kanadanyň, Owganystanyň, germaniýanyň, şwesiýanyň we Britaniýanyň raýatlary bolan jemi 176 adam ýogalypdy.

Uçaryň Eýranyň goşuny tarapyndan raketa bilen od açylyp ýere gaçyrylmagy baradaky öňe sürmelere garşy çykan resmi Tähran, wakadan 3 gün soň, ýolagçy uçaryň raketa hökmünde kabul edilendigini we gysga aralykly raketa bilen ýalňyşlyk bilen od açylyp ýere gaçyrylandygyny boýun aldy.


Etiketkalar: Eýran , jerime , Şwesiýa

Degişli Habarlar