Owganystanda guralan bombaly hüjümde 2 adam ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

Owganystanda guralan bombaly hüjümde 2 adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Balh welaýatynyň merkezi Mazari Şerif şäherinde guralan bombaly hüjümde 2 adam ýogaldy

Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Adilşah Adili şäheriň merkezinde ýola goýlan iki bombanyň yzly yzyna ýarylandygyny aýtdy.

Adil, hüjümde 2 adamyň ýogalandygyny, 9 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Şaýatlar bombalaryň etrap häkimi Gülbaz Hanyň öýüniň golaýynda ýarylandygyny aýdýar

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

 



Degişli Habarlar