"Halife Haftar düýn Moskwada gazanylan ylalaşyk tekstine gol çekmedi

Liwiýada taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagy baradaky tagallalar dowam eder

"Halife Haftar düýn Moskwada gazanylan ylalaşyk tekstine gol çekmedi

 

Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Liwiýanyň gündogaryny gözegçiligi astyna alynan Halife Haftaryň düýn Moskwada gazanylan ylalaşyk tekstine gol çekmändigini belledi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Liwiýada taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagy baradaky tagallalaryň dowam etjekdigi nygtaldy.

Rus TASS habarlar gullygy, Russiýanyň Daşary işler ministrligine esaslanýan habarynda, Liwiýanyň Liwiýanyň gündogaryny gözegçiligi astyna alynan Halife Haftaryň düýn Moskwada gazanylan ylalaşyk  tekstine gol çekmändigini habar berdi.

Düýn Moskwada Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň rus kärdeşleri bilen geçiren gepleşiklerinde Liwiýada hüjümleriň bes edilmegi üçin ylalaşyk teksti taýarlanypdy.

Maslahatdan soň berlen beýanatda, Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Faýiz As Serrajyň tekste gol çekendigi nygtalypdy.

 


Etiketkalar: ylalaşyk , Liwiýa , Russiýa

Degişli Habarlar