Eýranda urlup düşürlen uçaryň gara gutusy Fransiýa ugradyldy

Uçar heläkçiligi meselesinde gozgalan kazyýet işiniň çäginde birnäçe adam saklandy

Eýranda urlup düşürlen uçaryň gara gutusy Fransiýa ugradyldy

Eýranda Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynyň urlup düşürilmegi meselesinde gozgalan kazyýet işiniň çäginde birnäçe adam saklandy.

Eýranyň kazyýet organlarynyň metbugat geňeşçisi Ismaili mesele hakynda beren beýanatynda, Eýranda urlup düşürlen uçaryň gara gutusynyň Fransiýa ugradylandygyny aýtdy.

Beýanatda, uçar heläkçiligi meselesinde gozgalan kazyýet işiniň çäginde 72 sagat soň käbir adamlaryň saklanandygy bellenildi.

Beýanatda Britaniýanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň protest ýörişlerine gatnaşmagynyň asla kabul edilip bilinmejekdine üns çekildi.

Ismaili halkara hukuk kadalaryna görä şuňa meňzeş şahyslaryň “islenmeýän adam” hökmünde yglan edilýändigini we halkyň Britaniýanyň Tährandaky ilçisiniň ýurtdan çykarylmagyna garaşýandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar