Ukraina, Eýrandan jerime tölemegine we resmi taýdan ötünç soramagyna garaşýar
Zelenskiý, Eýran tarapyndan berlen beýanata reaksiýa bildirdi
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Eýranyň, Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynyň ýalňyşlyk bilen urlup düşürilmegi meselesinde “jenaýatyň doly kabul edilmegini” isledi.
Zelenskiý, Ukraina degişli ýolagçy uçarynyň howa goranyş ulgamy tarapyndan ýalňyşlyk bilen urlup düşürlendigi barada Eýran tarapyndan berlen beýanata reaksiýa bildirdi.
“Eýranyň resmi taýdan ötünç soramagyna garaşýarys” diýen Zelenskiý “Ukraina jenaýatyň doly kabul edilmegini isleýär. Eýrandan wakanyň jogapkärleri hakynda kazyýet işini gozgamagyna, jesetleri yzyna bermegine, jerime tölemegine we resmi taýdan ötünç soramagyna garaşýarys” diýdi.
Ukrainanyň paýtagty Kiýewe gitmek üçin Eýranyň paýtagty Tährandaky halkara İmam Hümeýni howa menzilinden uçan Boeing 737 kysymly ýolagçy uçary, 8-nji ýanwarda çarşenbe güni uçandan gysga wagt soň heläkçilige uçrapdy. Uçardaki 176 adamdan halas bolan ýok.
Eýran, şu gün irden 176 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Ukraina degişli uçaryň ýalňyşlyk bilen urlup düşürlendigini kabul etdi.