Pakistande medresede bolan partlamada 15 adam ýogaldy

Pakistanyň hökümeti hüjümi berk ýazgardy

1338819
Pakistande medresede bolan partlamada 15 adam ýogaldy

Pakistanyň Buluçistan welaýatynyň paýtagty Kuettada medresäniň içinde ýerleşýän metjitde bolan partlamada 15 adam ýogaldy, 19 adam ýaralandy.

Kuetta şäheriniň Gusabad etrapçasynda medresede bolan partlamada medresäniň imamy bilen birlikde 15 adam ýogaldy, 19 adam ýaralandy.

Partlamada ýaralananlardan 3 adamyň ýagdaýy agyr.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Şahwani, bedenine bomba ýerleşdiren hüjümçiniň agşam namazynda bedenindäki bombalary ýarandygyny aýtdy.

Pakistanyň hökümeti hüjümi berk ýazgardy.

Premýer ministr İmran Han ýaralananlaryň gyssagly bejergi astyna alynmagy we hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalmagy barada görkezme berdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #partlama , #metjit , #medrese , #Pakistan

Degişli Habarlar