Liwiýa Türkiýe we Russiýa tarapyndan berlen çagyryşdan hoşal

Liwiýanyň Daşary işler ministri Türkiýe we Russiýa tarapyndan berlen hüjümleriň bes edilmegi baradaky çagyryşy ara alyp maslahatlaşdy

1338338
Liwiýa Türkiýe we Russiýa tarapyndan berlen çagyryşdan hoşal

Liwiýanyň Daşary işler ministri Muhammed Seýýale, BMG-nyň Liwiýa missiýasynyň wekilleri bilen Türkiýe we Russiýa tarapyndan berlen hüjümleriň bes edilmegi baradaky çagyryşy ara alyp maslahatlaşdy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Seýýale bilen BMG-nyň Liwiýa missiýasynyň wekilleriniň Tripolide duşuşandygy nygtaldy.

Beýanatda, Liwiýanyň legal hökümetiniň hüjümleriň bes edilmegi baradaky çagyryşa oňyn garaýandygy we dost ýurtlaryň krizisiň çözülmegi üçin edýän tagallasyna uly ähmiýet berýändigi bellenildi.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Faýiz As Serraj hem beren ýazmaça beýanatynda, syýasy işleriň ýaňadandan başlamagy, söweşiň bes edilmegi we Berlin konferensiýasy etabyna  goldaw bermek üçin berlen çagyryşdan hoşaldyklaryny belledi.

Liwiýanyň gündogarynda iş alyp barýan huntaçy general Haftaryň bolsa, Türkiýe bilen Russiýanyň ýurtdaky taraplara şenbe gijesinden başlap hüjümleriň bes edilmegi üçin beren çagyryşyny ret edendigi nygtalýar.

 

 


Etiketkalar: #çagyryş , #hoşallyk , #Liwiýa

Degişli Habarlar