Indoneziýada 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesinde adam pidalarynyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi

1338175
Indoneziýada 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Demirgazyk Maluku welaýatynda 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Indoneziýanyň Metralogiýa, klimat we geofizika guramasy Tobele şäheriniň 91 kilometr demirgazyk gündogarynda ýeriň 23 kilometr aşagynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Ýer titremesinde adam pidalarynyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.

Sunami duýduryş merkezi, ýer titremesinden soň sunami duýduryşyny bermedi.

Maluku welaýatynda 26-njy sentýabrda bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 36 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar