Eýran: “Dartgynlygyň azaldylmagy üçin ABŞ-nyň sebitden çekilmegi gerek”

Eýranyň Goranmak ministri Emir Hatemi, Orta Gündogardaky dartgynlygyň bes edilmegi üçin ABŞ-nyň sebitden çekilmelidigini belledi

1338600
Eýran: “Dartgynlygyň azaldylmagy üçin ABŞ-nyň sebitden çekilmegi gerek”

Eýranyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä Eýranyň Goranmak ministri Emir Hatemi, Ýapon kärdeşi Taro Kono bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Hatemi, eýranly general Kasym Süleýmaniniň ABŞ tarapyndan Yragyň territoriýasynyň çäginde öldürilmegini, ozal deňi-taýy bolmadyk uly jenaýat we BMG-nyň kararlarynyň düzgünleriniň bozulmagy hökmünde häsýetlendirdi.

ABŞ-nyň harby güýjüni sebitdäki dartgynlygyň esasy faktory hökmünde häsýetlendiren Hatemi: “Sebitde dartgynlygyň azaldylmagy, durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin ABŞ özüniň goşulyşmak we basyp alyjy syýasatyny iň gysga wagtda bes etmelidir” diýip aýan etdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministri Kono bolsa öz gezeginde ýurdunyň sebitdäki dartgynlygy azaltmak üçin rol almaga taýardygyny habar berdi.

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň geňeşi, 27-nji dekabrda Goranyş güýjüniň Deňiz flotyna degişli harby güýjüni Orta Gündogara ugradylmagyny makullapdy.

Ýaponiýanyň Takanami kysymly harby gämisi we 260 harbydan ybarat güýç, fewral aýynda sebite tarap ýola çykar.  



Degişli Habarlar