Russiýa Liwiýa hakynatutma esger ugratdy

Russiýa Birleşen Arap Emirlikleriniň we Müsüriň utgaşdyrmagynda huntaçy general Haftaryň tarapynda söweşmek üçin Siriýadan Liwiýa hakynatutma esger ugratdy

1336110
Russiýa Liwiýa hakynatutma esger ugratdy

Londonda çap edilýän “Arap al-Jedid” gazetiniň habar bermegine görä soňky üç günüň dowamynda Siriýadan getirilen rus hakynatutma esgerleriniň alyp gelen Russiýanyň harby howa güýçlerine degişli iki uçar Bengazi howa menziline gondy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Müsüriň utgaşdyrmagynda ugradylan hakynatutma esgerler Moran we Sjit atly iki howpsyzlyk firmasynyň çäginde iş alyp barýar.

Rus güýçleriniň hasabyna işleýän käbir siriýalylar hem Liwiýa ugradyldy.

Liwiýada halkara derejesinde ykrar edilýän Milli jebislik hökümeti ýurduň gündogaryndaky ýaragly güýçleriň lideri huntajy Halyfa Haftara degişli güýçlere garşy söweşýär.

Haftary goldaýan daşary ýurt harby uçarlary şenbe güni Tripolidäki harby mekdebe hüjüm gurapdy. Hüjümde 30 talyp ýogalypdy, 33 sanysy bolsa ýaralanypdy.

Haftaryň tarapynda rus firmasy “Wagner Grupa” degişli hakynatutma esgerleriň sanynyň günsaýyn artýandygy hakyndaky habalar çykypdy.

Halyfa Haftar düýn bolsa paýtagtyň 400 kilometr gündogarynda Sirtäni alypdy.

 



Degişli Habarlar