Russiýa Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çekilmek bilen bagly karary barada beýanat berdi

Russiýa, Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky şertleri berjaý etmezliginiň hiç hili howp emele getirmeýändigini habar berdi

1336095
Russiýa Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çekilmek bilen bagly karary barada beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Eýranyň Halkara Atom energiýa guramasy tarapyndan gözegçilik edilýändigi habar berilip: “Tähranyň ýadro ylalaşygynda bar bolan uranyň baýlaşdyrylmagy we tehnologik mümkinçilikleri özgertmek baradaky çäklendirmelerden ýüz öwürmegi, ýadro ýaragyň ýaýbaňlandyrylmagy taýdan hiç hili howp emele getirmeýär” diýip aýan edildi.

Russiýanyň Eýranyň ýadro ylalaşygyna baglydygy aýdylýan beýanatda: “Degişli taraplara, global ähmiýete eýe bolan ylalaşygyň töwereginde has köp dartgynlyk we näbellilik emele getirmezliklerine çagyrýarys” diýip beýan edildi.

Eýranyň hökümeti ýekşenbe güni ýadro ylalaşygynyň şertleriniň hiç birini berjaý etmejekdigini habar beripdi.



Degişli Habarlar