Ýaponiýanyň Premýer ministri, dartgynlyklaryň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin çagyryş berdi

Şinzo Abe dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmalydygyny ýatlatdy

1335326
Ýaponiýanyň Premýer ministri, dartgynlyklaryň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin çagyryş berdi

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan İýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň geçen hepde ABŞ-nyň guran raketa hüjüminde öldürilmeginden soň taraplara dartgynlyklaryň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin çagyryş berdi.

Kýoda habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Premýer ministr Abe metbugata beren beýanatynda, Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň möwjemegine alada bildirýändigini nygtady we dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmalydygyny ýatlatdy.

Ýaponiýanyň Deňiz gýçleriniň çäginde iş alyp barýan ýörite toparyň Aden aýlagyna ugradyljakdygyny aýdan Abe, Ýakyn Gündogarda deňiz söwda ýollarynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegine we dartgynlygyň azaldylmagyna goşant goşjakdyklaryny belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar