Liwiýada Hafter güýçleri harby mekdebiň talyplarynyň galýan binasyna hüjüm gurady

Hüjümde 30 adam ýogaldy

1334808
Liwiýada Hafter güýçleri harby mekdebiň talyplarynyň galýan binasyna hüjüm gurady

Liwiýada agdarlyşykçy general Halife Haftere tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlaryň, harby mekdebiň talyplarynyň galýan umumy ýaşaýyş jaýyna guran howa hüjüminde 30 adam ýogaldy.

Liwiýanyň gündogaryndaky agdarlyşykçy general Halife Haftere degişli harby uçarlaryň ýurdyň paýtagty Tripoliniň günortasyndaky Hadba sebitinde harby mekdebiň talyplaryny galýan umumy ýaşaýyş jaýyna guran howa hüjüminde şeýle hem 33 adam ýaralandy.

Hassahananyň resmileri, ýogalan adamlaryň aglabasynyň 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlardan ybaratdygyny habar berdiler.

Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň halky, eýýäm 10 aý bäri Halife Haftere degişli güýçleriň hüjüminiň astynda ýaşaýar.

Beýleki tarapdan Döwlet ýokary geňeşi wakadan soň ýas yglan etdi.



Degişli Habarlar