“Söweşi başlatmak üçin däl, söweşi duruzmak üçin bu ädimi etdik”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Süleýmaniniň öldürilmegi bilen baglanşykly ilkinji beýanatyny dynç alyş günlerini geçirýän ýurdyň Florida ştatynda berdi

1334558
“Söweşi başlatmak üçin däl, söweşi duruzmak üçin bu ädimi etdik”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň ABŞ-nyň howa hüjüminde öldürilmegi bilen baglanşykly: “Söweşi başlatmak üçin däl, söweşi duruzmak üçin bu ädimi etdik” diýip aýan etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Süleýmaniniň öldürilmegi bilen baglanşykly ilkinji beýanatyny dynç alyş günlerini geçirýän ýurdyň Florida ştatynda berdi.

Kasym Süleýmaniniň Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde uzak ýyllar bäri sebitde ençeme amerikalynyň öldürilmeginiň jogapkäridigini aýdan Tramp, Eýranly serkerdäniň birnäçe täze hüjüm guramagy meýilleşdirendigini we ony duruzmak üçin bu hüjümi gurandyklaryny habar berdi.

ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasyna guralan hüjümi ýatladan Tramp: “Ähli diplomatlarymyzy, işgärlerimizi we hyzmatdaşlarymyzy goramak üçin ähli zat ederis. Eger olara zeper ýetirseňiz, sizi taparys we ýok ederis” diýip belledi.

Tramp: “Süleýmaniniň terror döwri tamam boldy. Ol ozal ortadan aýrylmalydy, ol edilen bolsa ençeme adam diri galardy” diýip nygtady.

Eýranyň halkyna uly hormat goýýandygyny aýdan Tramp: “Eýranda hökümeti agdarmak islämzok. Emma Eýranyň hökümetiniň sebitdäki wekiliçilikli söweşleri iň tiz wagtda bes edilmelidir” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar