Hindistanyň Rajastan welaýatynda bir aýda 100 bäbek ýogaldy

Mesele boýunça derňew işi geçirilýär

1333671
Hindistanyň Rajastan welaýatynda bir aýda 100 bäbek ýogaldy

Ýerli metbugatda çykan habarlara görä welaýatyň merkezi Žaipurda ýerleşýän Kota hassahanasynyň ýolbaşçylary dekabr aýynyň soňky 2 gününde 9 bäbegiň ýogalandygyny beýan etdiler.

Hassahanasynyň ýolbaşçysy lukman Seureş Dulara soňky bäbek ölümi bilen dekabr aýynda 100 bäbegiň ýogalandygyny aýtdy.

Dulara 2018-nji ýylyň dekabr aýynda hassahanada 77 bäbegiň ýogalandygyny beýan etdi.

Häkimiýet başyndaky Hindistanyň halk partiýasynyň agzalaryndan ybrat bolan wekiliýet öňňin hassahanada geçiren barlagynda bir adamlyk ýerde 2-3 bäbegiň ýatýandygyny, ýeterlik şepagat uýasynyň bolmandygyny anyklady.

Çaga hukuklarynynyň goralmagy boýunça Milli topar bolsa dekabr aýynyň 23-24-i aralygynda 10 bäbegiň ölmegi bilen ünsleri çeken hassahananyň howlusynda doňuzlaryň gezýändigini beýan edipdi.

Welaýat ýolbaşçylary hassahanadaky ähli lukmançylyk enjamlarynyň barlanmagy üçin buýruk berdi.



Degişli Habarlar